TÜRK GEŇEŞINIŇ SAMMITINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ENERGIÝA HOWPSUZLYGY UGURDA HYZMATDAŞLYGY GÜÝÇLENDIRMÄGE ÇAGYRDY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BerdimuhamedowTürki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) resmi däl Sammitinde çykyş etmek bilen, sebitde we tutuş dünýäde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini belledi.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara bazarlaryny energiýa serişdelerini üpjün etmek boýunça birnäçe kararnamalarynyň, şol sanda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly kararnamasyny teklip ediji bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň dünýäniň energiýa çeşmelerini deňhukukly we adalatly peýdalanmak baradaky garaýyşlardan ugur alýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Baştutany energiýa howpsuzlygynyň berk ulgamyny döretmäge gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri netijeli hyzmatdaşlyga çagyrdy.