TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINDEN YNANÇ HATLARYNY KABUL ETDI

2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny ýetirdi. Olar netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ýola goýlan ýokary derejedäki we özara ynanyşmak ýagdaýyndaky türkmen-hindi gatnaşyklary hem-de iki ýurduň halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ençemesi boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi şol gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu gurluşyk Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmäge, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili şu geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depgininiň saklanyp galýandygyny kanagatlanma bilen belläp, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmen we hindi halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksady bilen, ynsanperwer alyşmalary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Şeýle hem ylym-bilim, döwrebap maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy nygtaldy.

Diplomat Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz tarapyndan hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.