BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝEWROPA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ BILERMENLERINIŇ SAPARYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa boýunça sebitleýin edarasynyň konsultatiw-tehniki missiýasynyň bilermenleriniň Türkmenistana saparynyň jemleri we hyzmatdaşlygyň geljekki wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti COVID-19 garşy taýýarlygyny we çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň çäklerinde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän çäreler bilen tanyş bolmak hem-de olara syn bermek maksady bilen Türkmenistana geldi.

BSGG-nyň berýän maslahatlaryna berk eýerilýändigi barada aýdyp, türkmen tarapy ýakyn hyzmatdaşlyk üçin guramanyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi hem-de dünýä derejesinde onuň işini goldamaga doly taýýardygyny tassyklady. Öz gezeginde, BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti iki welaýata we paýtagtymyz Aşgabat şäherine baryp görendigi barada aýdyp berdi hem-de wekiliýetiň işiniň gowy gurnalandygy üçin Türkmenistanyň hökümetine çuňňur minnetdarlyk bildirdi.  

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri ýagdaýlaryň ählisini derwaýys ýagdaýda seljermek, yzygiderli gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmegi üçin Türkmenistanyň ýeterlik mümkinçilikleriniň we serişdeleriniň bardygy barada ýene bir gezek nygtap geçdiler. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda BSGG-nyň wekilleri missiýanyň Türkmenistana saparynyň dowamynda ýerine ýetiren işleri bilen tanyşdyrdy.