PARLAMENT AGZALARY ÜÇIN COVID-19 KESELINE JOGAP HEREKETLERINE WE DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA BAGYŞLANAN GLOBAL ONLAÝN-MEJLIS GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly parlament agzalary üçin COVID-19 keseline jogap hereketlerine we Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan global onlaýn-mejlis geçirildi.   

Çäre Parlamentara Bileleşigi, BMG-niň Durnukly ösüş çözgütleri boýunça ulgamy hem-de Global maksatlara ýetmek boýunça parlamentariýler tarapyndan guraldy. Bu onlaýn-mejlisiň işine dünýäniň ähli sebitleriniň döwletleriniň parlament agzalary hem-de jemgyýetçilik saglygy, ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça halkara bilermenler gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda gatnaşyjylaryň ünsi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryndan, Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly Konwensiýasynyň Pariž ylalaşygyndan ugur almak arkaly epidemiýa garşy göreşmegiň hem-de global ykdysadyýeti durnukly we ähli zady öz içine alýan esasda dikeltmegiň öňdebaryjy usullaryna çekildi. Bilermenler ykdysadyýeti durnuklylyk nukdaýnazaryndan pandemiýadan öňki ýagdaýyna dikeltmek barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesusyň adyna ýazan hatynda beýan edilen ilatyň saglygyny goramak ulgamynda we COVID-19 koronawirus ýokanç keseli pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň alyp barýan çäreleri baradaky maglumat bilen çykyş etdi.