«ENI» ITALÝAN KOMPANIÝASYNYŇ MERKEZI AZIÝA SEBITI BOÝUNÇA ÝERINE ÝETIRIJI WISE-PREZIDENTI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew bilen Italiýa Respublikasynyň «ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti L.Winýatiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda taraplar «ENI» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi baradaky meseleleri, geçirilýän işleriň netijelerini we «COVID-19» bilen bagly wehimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen açyk we birek-birege ynanyşmak häsiýetli gatnaşyklar barada aýdyp, italýan tarapy ýakyn hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de serişdeleriň gymmatyny we durnuklylygyny iki tarapyň hem bähbidi üçin saklamak maksady bilen, häzirki döwürdäki ykdysady ýagdaýa laýyklykda maýa goýumy we kompaniýanyň işini işjeňleşdirmek babatdaky tekliplere seredildi.