ÝURDUŇ KHBS-NIŇ NEŞIR ÖNÜMLERINIŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA MASLAHATLAŞMALARYNYŇ WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda ikigünlük Türkmenistanyň KHBS-niň neşir önümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça maslahatlaşmalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly tanyşdyrylyş dabarasy öz işine başlady. Tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan “KHBS ulgamynda reformalary durmuşa geçirmekde ýardam bermek hem-de KHBS barada kanunçylygy kämilleşdirmek” atly taslamanyň çäklerinde guraldy.

Çärä ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine jogapkär ministrlikleriň we beýleki edaralaryň wekilleri, ýokary okuц mekdepleriniň žurnalistika kafedrasynyň mugallymlary, Türkmenistanyň neşir önümleri boýunça KHBS-niň žurnalistleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň açylyşynda, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy hanym Natalýa Drozd Türkmenistanda ösüşiň sanly ulgamyna geçilmegi, şol sanda täze hökümet web-saýtlarynyň döredilmegi we hereket edýänleriniň kämilleşdirilmegi nukdaýnazardan bu tanyşdyrylyş dabarasynyň derwaýyslygyny we ähmiýetliligini aýratyn belläp geçdi. Diplomat şeýle-de bu çäräniň maksadynyň maglumat-habar işiniň gymmatlyklarynyň we standartlarynyň kesgitlenilmeginden, onlaýn-KHBS-de işlemek endikleriniň ýokarlandyrylmagyndan ybaratdygyny aýratyn nygtady.

Çäräniň barşynda, halkara bilermenler öz çykyşlarynda sanly ulgamyň täze görnüşleri, gazetleriň sanly ulgama geçmegi, redaksiýalaryň gaýtadan gurnalmagy, bu ugurdaky işgärleriň hünär okuwlary, sanly abuna ýazylyş we gazet saýtlarynyň dürli çeşmelerden maliýe serişdelerini almagynyň umumy usullary, şeýle hem sanly eýýamda metbugat-gulluklarynyň ähmiýetleri, jemgyýetçiligi habardar etmegiň onlaýn gurallary, döwlet edaralarynyň kommunikasion strategiýalary we täzelik-habar işiniň beýleki möhüm meseleleri bilen birlikde bu derwaýys işiň giň toplumy barada aýtdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasy öz işini 2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda hem dowam eder.