TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli, doganlarça salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmaga, özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aşraf Gani oňyn häsiýeti sebitdäki amatly geosyýasy ýagdaý bilen kesgitlenilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhümdigini bellemek bilen, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny esasy ugurlar hökmünde görkezdiler. Şol ugurlarda soňky ýyllarda diňe doganlyk ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegine hyzmat etjek iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar.

Gürrüň, ilkinji nobatda, türkmen tebigy gazyny Günorta - Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna uzakmöhletleýin akdyrjak Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygy hem-de hakynda täze döwletara energiýa ulgamy -Türkmenistan - Owganystan - Pakistan ugry boýunça çekilýän ýokary woltly elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy barada barýar.

Taraplaryň özara pikirine görä, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi täze üstaşyr-ulag geçelgelerini, şol sanda Owganystan - Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe ugry (Lapis Lazuli) boýunça geçelgäni döretmek boýunça strategik taýdan möhüm düzümleýin taslamalary amala aşyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda döwlet Baştutanymyz owgan Lideriniň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşindäki üç taraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky teklibini gollady. Onuň gün tertibine Lapis Lazuli ulag geçelgesiniň netijeliligini artdyrmak meseleleri giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň parahatçylyga we ylalaşyga ymtylmakda doganlyk owgan halky bilen raýdaşlygyny beýan edip, geljekde hem hemmetaraplaýyn goldaw hem-de ynsanperwer kömegi berjekdigini belledi.

Iki döwletiň Baştutanlary dünýäniň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşylan, bir bitewi çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Şol meseleleriň biri COVID-19 koronawirus pandemiýasy bolup, onuň tutuş adamzatda uly ynjalyksyzlanma döredip, halkara ykdysady gatnaşyklaryna, ençeme döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirdi.

Ylmy diplomatiýanyň gurallary häzirki wagtda emele gelen ýagdaýlarda hyzmatdaşlygyň netijeli ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Alym-lukmanlaryň geňeşini döretmek boýunça türkmen tarapynyň öňe süren başlangyjynyň koronawirusa garşy umumy göreşe oňyn täsirini ýetirip biljekdigini aýtdy.

Iki goňşy ýurduň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryna köpugurly häsiýeti çaýmaga özara islegiň bardygyny tassyklap, ynanyşmak hem-de birek-biregi goldamak ýörelgelerinde guralýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mohammad Aşraf Gani birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, doganlyk türkmen we owgan halklaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.