ÇAGANYŇ HUKUKLARY BOÝUNÇA KOMITETE MILLI HASABATY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça Komitetine milli hasabaty taýýarlamak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy öz işine başlady.   

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, onlaýn görnüşde ÝUNISEF-iň bilermeni, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň agzalary gatnaşdylar.    

Duşuşygyň başynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýa gatnaşmak bilen, ondaky kadalary milli kanunçylygyma girizip, yzygiderli durmuşa geçirýändigi barada bellediler. Milli hasabatyň gurluşy barada pikir alşyldy. Çaganyň hukuklary boýunça halkara borçnamalaryny berjaý etmek, milli maksatnamalaryň we hereketler meýilnamalaryň taslamalaryny işläp düzmekde edilen işleriň netijeleri jemlendi.  

Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň wajyplygy barada belläp, duşuşyga gatnaşyjylar “2018-2020-nji ýyllar üçin çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasynynyň” amala aşyrylmagy ugrundaky işler hem-de “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin milli strategiýany” we beýleki resminamalary durmuşa geçirmek boýunça ediljek işleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Iş duşuşygy öz işini 27-nji maýda dowam eder.