TÜRKMENISTANYŇ, ÖZBEGISTANYŇ WE EÝRANYŇ DEMIRÝOLÇULARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 21-nji maýynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň binasynda Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demirýol administrasiýalarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi.

Gepleşiklere “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Узбекистон темир йуллари” Paýdarlar jemgyýetiniň hem-de RAI “Railways of Islamic Republic of Iran” guramasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda demirýol we awto ýol ýükleriniň üç ýurduň döwlet serhetlerinden geçirmek ulgamyndaky ulag-üstaşyr geçelgeleri pudagynda özara täsir mehanizmlerini güýçlendirmek barada pikir alşyldy.

Munuň çäklerinde şeýle hem taraplar, harytlaryň üznüksiz üpjün edilmegi, şol sanda ýurtlaryň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça utgaşdyrylan çäreleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.