BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILHANASYNYŇ WEKILLERI BILEN IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, olaryň sanyny azaltmak boýunça ýerine ýetiren işleri üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň wekilleri ýurdumyzyň bu ugurdaky tejribesiniň beýleki döwletler üçin görelde bolup durýandygyny bellediler.   

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň kabul eden halkara borçnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada pikir alyşyldy. Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň bilelikde ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýan çäreleriň meýilnamasynyň netejililigi boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň wajyplygy barada bellenip, bu resminamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda raýatlygy bolmadyk ýüzlerçe adamlara milli pasportlaryň nobatdaky gowşurylmagy baradaky meselelere seredilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň arasyndaky önjeýli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ynam bildirdiler.