BMG-NIŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET EDARALARYNYŇ WEKILLERI ÄHMIÝETLI MESELELERIŇ ENÇEMESINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň wekilleriniň Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirýän ähmiýetli meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebitleýin hem-de halkara gün tertibine degişlilikde pikirleri alyşdylar. Hususan-da, ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça öňüni alyş çäreleri, maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy ýaly meselelere seredilip geçildi, bu bolsa öz nobatynda Türkmenistanyň ilatyň saglygyny we maddy-hal ýagdaýyny gorap saklamak boýunça alyp barýan döwlet syýasaty bilen sazlaşykly utgaşýandyr.