TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB – MERKEZI AZIÝA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň12-13-nji fewralynda Brýusselde daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB–Merkezi Aziýa iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

Maslahatyň işine Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi  we suw serişdeleri ulgamlarynyň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar.  

Maslahat daşky gurşaw we suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ÝB–Merkezi Aziýa platformasynyň çäklerinde guralan bolup, ol: tebigaty goramak işiniň dolandyrylmagy, ýapyk aýlawyň ykdysadyýeti, durnukly önümçilik we sarp ediş, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleriniň dolandyrylmagy ýaly ileri tutulýan ugurlary öz içine alýandyr.

Maslahata gatnaşyjylar 2015-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleriniň dolandyrylmagy ulgamlarynda ýetilen sepgitleri we degişlilikde ýokary derejedäki ÝB–Merkezi Aziýa 6-njy Maslahatynyň netijelerini hem-de daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB–Merkezi Aziýa Iş topary tarapyndan işlenilip düzülen teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝB-niň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi  we suw serişdeleri ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş toparyň mejlisiniň jemleri boýunça işiň tehniki tabşyrygy we reglamenti tassyklanyldy, şeýle-de daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB–Merkezi Aziýa Iş toparynyň maksatnamasy kabul edildi.