HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.   

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de halkara we ýerli KHBS wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Saud Arabystany Patyşalygynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň bu özboluşly eseriniň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan bu eser halkara ähmiýetli taryhy ýolunyň aýratynlyklary baradaky gyzykly maglumatlary, arheologiki barlaglarynyň maglumatlaryny hem-de etnografiki maglumatlary özünde jemleýändir.

Çykyş edenler şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Ýüpek ýolunyň häzirkizaman formatda gaýtadan dikeldilmegine, sebit derejesinde ulag-logistiki ugurlarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp geçdiler we olaryň Merkezi Aziýa hem-de gyzyklanma bildirýän beýleki ýurtlaryň arasynda bilelikde durmuşa geçirilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy hem aýratyn nygtaldy.