TÜRKMEN WEKILIÝETI NAÝROBIDE BMG-NIŇ ILAT GAZNASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞÝAR

2019-njy ýylyň 12-14-nji noýabrynda Keniýanyň Naýrobi şäherinde reproduktiw saglyk, gender deňligi we enäniň saglygyny goramak pudagy boýunça üç günlük global sammit geçirilýär. Keniýa we Daniýa Hökümetleri BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde bu Sammitiň guramaçysy bolup çykyş etdiler. 

Naýrobide geçirilýän sammite ýokary derejeli wekiller– döwlet baştutanlary, parlament wekilleri, bilermenler hem-de hökümete degişli däl guramalaryň we raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri gatnaşýar. Bu forumyň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Gylyjowyň ýolbaşylygyndaky wekiliýet hem gatnaşýar.    

Forumda biziň wekiliýetimiz gender meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň tejribesi bilen paýlaşdylar we ýurdumyzyň reproduktiw saglyga ählumumy elýeterligi üpjün etmek we enäniň saglygyny goramagy kämilleşdirmek, umumy ýetginjeklik bilimini giňeltmek we reproduktiw saglygy ulgamynda habarly bolmak, gender deňligini goldamk we jyns tapawutlylygy boýunça zorluklara garşy çäre görmek, ykdysadyýetiň ösüşini işjeňleşdirmek üçin maglumatlaryň ulanylyşy we durnukly ösüşi gazanmak ugurlarda kabul eden syýasy borçlary barada gürrüň berdiler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň Ilat gaznasy, BMG-niň Çagalar gaznasy we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde Reproduktiw saglygy goramak hem-de enäniň, bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça 2020-2030-njy ýyllar üçin täze (nobatdaky) Milli strategiýany, şeýle-de 2020-2025-nji ýyllar üçin Hereketler meýilnamasyny işläp düzýär.      

Ýurdumyzyň bu ugurdaky döwlet syýasaty enäniň we çaganyň saglygy – bu ýurduň sosial-ykdysady ösüşiniň wajyp bölegi, ilatyň häzirki hal-ýagdaýy we döwletiň geljegi diýen pikirden ugur alýar.