TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ IMPERATORYNYŇ TAGTA ÇYKMAGY MYNASYBETLI GEÇIRILÝÄN DABARA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda Döwlet Baştutanymyz «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasyndan çykyp, Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara çagyrylan beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde, Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşdy. Çärä dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem myhmanlaryň 2 müňe golaýy gatnaşdy.

Däp bolşy ýaly, tagta geçmek dabarasyna Ýaponiýanyň kanunçykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Kesgitlenen tertibe laýyklykda, bellenilen wagtda «Seiden» zalyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito dabaraly ýagdaýda gelýär hem-de Imperator tagtyna geçip oturýar.

Imperator Naruhito dabaraly söz sözleýär. Soňra Ýaponiýanyň Premýer-ministri gutlag sözi bilen çykyş edýär. Imperatoryň adyna uzak ömri aňladýan «Banzaý» gadymy ýapon arzuwy beýan edilýär. Naruhitonyň tagta geçmegi bilen Ýaponiýada Reýwa täze imperiýa eýýamy — «sazlaşyk» ýa-da «gülläp ösýän dünýä» diýen eýýam başlanýar.

Jaňyň sesi tagta geçmek dabarasynyň tamamlanandygyny aňladýar, şondan soň belent mertebeli myhmanlar bu ýerden ugraýarlar.

Agşam Ýaponiýanyň Imperatorynyň tagta çykmagy mynasybetli Imperator köşgünde resmi nahar berildi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Imperator Naruhito we onuň maşgala agzalary bilen salamlaşdy.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda sapar mahaly bellenilen kabulhanasyna bardy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.