TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ KONTRTERRORÇYLYK MÜDIRLIGINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Sekretarynyň Orunbasary, Kontrterrorçylyk müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow bilen duşuşdy. 

Taraplar BMG bilen Türkmenistanyň BMG-niň Global kontrterrorçylyk strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, BMG-niň agza döwletleriniň arasyndaky halkara terrorçylyga, ekstremizme we beýleki howplara garşy göreş ugrundaky borçnamalaryň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýän täsirli mehanizmleri döretmäge gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi bilen bagly meseleler toparynyň üstünde durlup geçildi.          

BMG-niň Global kontrterrorçylyk strategiýasyny ýerine ýetirmekde Merkezi Aziýa üçin Hereketleriň sebitleýin meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns çekip, taraplar onuň üçünji tapgyrynyň üpjün edilmeginiň netijeliligi barada belläp geçdiler.