TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNA KABUL EDILEN ADAMLARA PASPORTLAR GOWŞURYLDY

2019-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti  863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi. Pasportlar 14 milletiň wekillerine gowşuryldy. Raýatlyk alanlaryň ýarsyndan gowragy – aýallar we gyzlar. 

Dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şeýle-de milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar  beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm düzümleriniň biri bolup, onda jemgyýetiň we döwletiň baş baýlygy adam diýlip yglan edildi. BMG-niň agzasy bolmak bilen, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny hemişe ýerine ýetirip gelýär. Milli kanunçylygyň, BMG-niň bosgunlar hakyndaky we adam hukuklary hakyndaky dürli Konwensiýalaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşaýan adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak hem-de kepillendirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Türkmenistanyň Prezidentine ugradan haty barada bellemek gerek. Onda ýurdumyzyň Merkezi Aziýada we global derejede raýatsyzlyk meselelerini çözmekde öňdebaryjy orun eýeleýändigi üçin minnetdarlyk bildirilýär.