Astrahanyň döwlet filarmoniýasynda Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki konserti geçdi

Türkmenisanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullugy (Astrahan ş.) Astrahan oblastynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň we 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilýän baýramçylyk dabaraly mynasybetli 2015-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Astrahanyň döwlet filarmoniýasynda Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki konserti geçirdi. Agzalan konsertda çykyş etmek üçin Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlaryndan we milli telewideniýamyzyň wekillerinden ybarat bolan türkmen döredijilik topary geldi. Baýramçylyk konserta Astrahan oblastynyň hökümetiniň we Dumasynyň agzalary, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary, türkmen talyplary, Astrahan oblastyndaky türkmen diasporasynyň ýolbaşçylary we habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.
Astrahan döwlet filarmoniýasynyň eýwanynda myhmalar üçin türkmen halkynyň şaý-sep we şekillendiriş sungatynyň, milli geýim-gejimleriniň we türkmen haly önümleriniň sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen belelikdäki baýramçylyk konserti gelen myhmanlar tarapyndan şowhunly we joşgunly garşy alynyp, şatlyk duýgulary has ýokarda görkezdi.
Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çäreler Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrabynda ýaşaýan oturymly türkmenleriň obasy bolan Atal obasynda dowam eder.