TÜRKMENISTAN WE SINGAPUR KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLYDYR

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy.

27-nji awgustda Singapur Respublikasynyň Prezidentiniň «Istana» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapuryň Prezidenti hanym Halima Ýakob bilen duşuşygy geçirildi. Iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň baştutany Singapur Respublikasyna gelmek baradaky çakylygy üçin singapur tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Taraplar türkmen Lideriniň bu ýurda birinji döwlet saparynyň dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny hem-de gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi üçin täze itergi berjekdigini nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, global gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça iki döwletiň nukdaýnazarlarynyň ýakyndygyny belläp geçdiler. Ýurtlaryň ikisi hem parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşe, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşe uly ähmiýet berýärler. Taraplaryň ikisiniň hem halkara guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk ederler.

Şeýle hem döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady ulgamynda özarahereket etmegiň proseslerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim, ylym we ýokary tehnologiýalar, şeýle hem syýahatçylyk ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hakynda hem gürrüň etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle-de Singapur Respublikasynyň Premýer-ministri Li Sýanlun bilen hem duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar daşary ykdysady ulgamdaky özarahereketleri pugtalandyrmagy aýratyn belläp geçdiler. Energetika, nebitgaz ulgamy, ulag we kommunikasiýalar, bank ulgamy we dokma senagaty ýaly pudaklaryň türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygy nygtaldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Singapuryň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda wiza ulgamynyň ýeňilleşdirilmegi, ikilenç salgyt salmagyň öňüniň alynmagy, kanunçylyk, maliýe-bank işi, himiýa we dokma senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetli bukjasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapura döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Singapuryň DIM-niň ýolbaşçysy Wiwian Balakrişnan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary, halkara gün tertibiniň ähmiýetli meselelerini, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Singapuryň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewürlik-forumy geçirildi. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň söwda-täjirçilik işini alyp barmagyň mümkinçilikleri bilen jikme-jik tanyş boldular.