TÜRKMENISTAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASY BILEN GATNAŞYKLARYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we YHG-nyň arasyndaky gözbaşyny 1992-nji ýyldan alyp gaýdýan hyzmatdaşlygyň netijeliligini we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolup durýandygyny belläp geçdiler.

Häzirki wagtda ykdysady ösüşiň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň arabaglanşygynyň aýratyn derwaýys bolup durýandygy bellenilip geçildi. Taraplar ýurduň suw, ulag we energetika diplomatiýasy ýaly strategiki taýdan möhüm ugurlarynyň nazarda tutulmagy bilen YHG-nyň meýdançasynda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.