BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞÝAR

2019-njy 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Algaýerowa bilen duşuşygy geçirildi.

Ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky global gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça işjeň hem-de oýlanşykly özarahereketleri aýratyn belläp geçdi. Myhmanyň nygtaýşy ýaly, Birinji Hazar ykdysady forumy Hazarýaka we goňşy sebitlerde howpsuzlygy, durnuklylygy we hemmetaraplaýyn ösüşi üpjün etmegiň gaýragoýulmasyz meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin özboluşly meýdança bolar.

Şeýle hem 10-njy awgustda günüň ikinji ýarymynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Algaýerowanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanda energetika, ulag we daşky gurşaw ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleri kanagatlanmak bilen belläp geçdiler. Şeýle hem BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň 2019-2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň Býurosynyň doly hukukly agzasy hökmünde diňe bir milli derejede däl-de, eýsem sebit we halkara giňişliginde hem ulag we logistika ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürýändigini belläp geçdi.

Söhbetdeşligiň barşynda O.Algaýerowa Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýän Birinji Hazar ykdysady forumynyň gyzyklanma bildirýän taraplaryň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň netijeli hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi üçin köpugurly platforma öwrüljekdigini aýratyn nygtady.

Türkmenistana saparynyň çäklerinde, 12-nji awgustda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşar.