TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.A.Guminskiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda myhman türkmen tarapyna myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şu ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ýurduň başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan çäreleriň geçirilmegine çemeleşmeleriniň jogapkärçiligine ýokary baha berýändigini belledi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Başlyklygynyň deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özarahormat goýmak ýörelgelerine esaslanmak bilen gatnaşyjy-döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna ähmiýetli goşant goşýandygy bellenilip geçildi.

Öňde duran çärelere, aýratyn hem şu ýylyň maý aýynda geçiriljek GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň Mejlisiniň geçirilmgine taýýarlyk görmek boýunça meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.