TÜRKMENISTANDA HALKARA NOWRUZ GÜNI BELLENILIP GEÇILDI

Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy. Ýaýlada, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzy giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.

Çärä çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Türkmenistanda işleýän diplomatik düzümiň, şol sanda BMG-niň düzümleýin edaralarynyň wekilleri bar. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly diplomatlara ýurdumyzda guralýan möhüm çäreleriň ählisine işjeň gatnaşýandyklary, özleriniň Türkmenistanda wekilçilik edýän döwletleri we halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge, sebit hem-de halkara derejeli ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz olaryň hem şu günki ýowar ýaly giň möçberli çärelere gatnaşmak bilen, milli bag ekmek maksatnamasyny durmuşa geçirmäge uly goşant goşýandyklaryny belläp, şeýle asylly işleriň tutuş dünýäde amala aşyrylýandygyny nygtady. Munuň özi asylly däp bolmak bilen, özara düşünişmek ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly garamagyň, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Biziň ýurdumyzda BMG-niň «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde ekologiýa aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň we ilçihanalaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyza netijeli işlemek üçin döredilen amatly şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan çärelere gatnaşmagyň özleri üçin uly hormat-sarpadygyny nygtadylar.

Birleşen Milletler Guramasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek bilen, bu baýramçylygy halklaryň arasynda parahatçylygy pugtalandyrýan, dost-doganlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini tassyk edýän dabara hökmünde bellemäge çagyrdy.

Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni köp öwüşginli dabaralara beslendi. Baýramçylygyň esasy folklor-etnografiýa çykyşlary Nowruz ýaýlasynyň çäginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere baharyň gelmegini, tebigatyň janlanýandygyny, parahatçylygy, adamlaryň arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Bu ýere baharyň gelmegini, tebigatyň janlanýandygyny, parahatçylygy, adamlaryň arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan köp sanly myhmanlar - hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ähli welaýatlaryň we türkmen paýtagtynyň, şeýle hem dürli ýurtlaryň wekilleri, şol sanda syýahatçylar ýygnandylar.

Aýdymçylaryň we sazandalaryň çykyşlary baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Şonda halk aýdym-sazlary biziň günlerimiziň estrada owazlary bilen aýratyn sazlaşyk döretdi. Dabara ýaşaýşy we ýagtylygy peşgeş berýän durmuşyň hem-de güneşiň aýlawyny alamatlandyrýan umumy küştdepdi tansy bilen jemlendi.

Nowruza bagyşlanan dabara gadymy baýramçylygyň däpleriniň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna, biziň mirasymyzyň bolsa, häzirki nesiller tarapyndan dowam etdirilýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.