OWGANYSTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNA BARDY

2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bardy.

Ol ýerde belent mertebeli myhman Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi.

Bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary owgan Liderine iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklara degişli özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler. Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani öz gezeginde ähli soraglara giňişleýin jogap berdi.