ÝTÖB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory j-p Nil Makkeýniň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara forumlarynda ÝTÖB-niň wekilleriniň işjeň gatnaşýandyklary üçin türkmen tarapy öz minnetdarlygyny aýtdy. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda işjeň hyzmatdaşlygynyň netijelerini belläp geçdiler.

Gepleşikleriň baryşynda taraplar ozalky strategiki tapgyrynyň iş döwründe ýetilen wajyp netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem wekiliýet ýolbaşçylary Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky tarapyndan hödürlenýän Türkmenistan boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin strategiýasynyň taslamasy bilen bagly meselelere seretdiler.

Mundan başga-da, ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligine baha berip, wekiller Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasyndaky ikitaraplaýyn hem-de sebitleýin hyzmatdaşlyklarynyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.