“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary açýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen ýokary derejedäki duşuşyklary barada maglumatlar berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitne gatnaşmak üçin amala aşyran iş sapary we onuň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen geçirilen duşuşygyna žurnalda aýratyn orun berlipdir. Şunuň bilen birlikde žurnalda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Sooronbaý Žeenbekowyň Türkmenistana bolan resmi saparyna bagyşlanylan makala ýerleşdirilipdir.

Žurnalyň sahypalarynda okyjylar Türkmenistanda geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş sapary we onuň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň Başlygy Mariýa Fernando Espinosa Garses, “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň wekilleri bilen bolan duşuşyklar barada makalalar bilen tanşyp bilerler.

Bulardan başga-da, žurnalyň bu sanynda okyjylar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary we Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitiniň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen bilelikdäki Beýannamalar, şeýle hem žurnalda bu sammitleriň netijeleri barada makalalar ýerleşdirildi.

Žurnalyň sahypalarynda okyjylar Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakdaky hyzmatdaşlygy, energiýa we ulag-üstaşyr geçirijileriň kämileşdirilmegi, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna bagyşlanan makalalar bilen tanşyp bilerler.

“Diplomatik durmuşyň hronikasy” diýen rubrikada paýtagtymyzda we daşary ýurtlarda geçirilen dürli derejedäki duşuşyklar we gepleşikler, hökümetara toparlaryň maslahatlary, daşary işler edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeler, halkara duşuşyklar we maslahatlar bilen bagly möhüm wakalar yzygiderli beýan edilipdir.

Žurnalyň türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilmegi onuň daşary ýurtlardaky giň okyjylar köpçüligine elýeterli bolmagyny üpjün edýär.