AŞGABATDA AZIÝA - ÝUWAŞ UMMAN TELERADIOGEPLEŞIKLER BIRLEŞIGINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISI GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynda Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Açylyş dabarasyna türkmen tarapyndan hökümet agzalary, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ugurdaş fakultetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän esasy daşary ýurt habarlar agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylara gutlag çykyşynda Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň Aşgabatda geçirilmeginiň parahatçylyk döredijilik daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň nyşanydygy bellenildi.

Dabara gatnaşyjylara Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň barşy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy astynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň ähmiýeti hakynda gürrüň berýän ýörite taýýarlanan wideofilm görkezildi.

Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş sekretary jenap Jawad Mottagi dabaraly çärä gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip, ABU-nyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmäge ýardam edenligi we türkmen topragynda mähirli myhmansöýerlik bilen garşylanandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Jawad Mottagi ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş ulgamynda bolup geçýän giň möçberli özgertmelere ýokary baha berip, bu işde döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly ornunyň we şahsy goşandynyň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ABU-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmäge goşan görnükli goşandy üçin Güwänamany gowşurmak hakynda birleşigiň kabul eden çözgüdini habar berdi.

Dabaraly bölüm tamamlanandan soňra forum öz işini dowam etdi. Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleleriň hatarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemlemek hem-de geljek üçin meýilnamalary, halkara alyp eşitdirmek ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary, şol sanda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, göni gepleşikleri guramak ulgamynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri kesgitlenildi.

Günüň ahyrynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda media, teleradiogepleşikleri we degişli enjamlary döretmek babatynda aýratyn tapawutlananlara Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň ýörite sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.