DUŞENBE ŞÄHERINDE GDA-NIŇ DIM-Ň GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Arkalaşygyň hukuk esasyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygyny geljekde giňeltmäge gönükdirilen 15-den gowrak resminamanyň taslamalaryna garadylar.

Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri we Arkalaşygyň çäginde özaragatnaşyklar boýunça pikirleri alyşdylar, şeýle hem GDA-niň DIM-ň geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň senelerini bellediler. Ol 2019-njy ýylyň 5-nji aprelinde Moskwa şäherinde geçiriler.

GDA-niň DIM-ň geňeşiniň mejlisiniň gün tertibinde öňden ylalaşylan ähli meseleler mejlisiň dowamynda tassyklanyldy.

2018-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.