AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY GAZANANLARYNYŇ SERGISI AÇYLDY

2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabatda ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si açyl­dy.

Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na hö­kü­met ag­za­la­ry, mil­li par­la­men­tiň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­rynyň, ýur­du­my­zyň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky il­çi­le­ri, ta­lyp ýaş­lar, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň in­no­wa­sion ösü­şi, se­na­ga­tyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­nyň, eks­port ugur­ly da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň gi­ňel­dil­me­gi bu ge­zek­ki ser­gi­niň öze­ni­ni düz­di.

Ener­ge­ti­ka hem-de se­na­gat, ne­bit we gaz, ne­bit­hi­mi­ýa, gur­lu­şyk hem-de gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri, ulag we ara­gat­na­şyk, dok­ma önüm­çi­li­gi we ha­ly­çy­lyk, hi­mi­ýa pu­da­gy, oba hem-de suw ho­ja­ly­gy, oba­se­na­gat top­lu­my, luk­man­çy­lyk, bi­lim, me­de­ni­ýet, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk, çap­ha­na, te­bi­ga­ty go­ra­mak hem-de gök gu­şak sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­le­ri ýa­ly äh­li ul­gam­lar­da­ky ösüş dep­gin­le­ri wi­deo­ro­lik­ler­de, önüm­le­riň ki­çel­di­len nusgalarynda, çap­ha­na önüm­le­rin­de — ki­tap­lar­da, žur­nal­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Göz­den ge­çi­ri­liş­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar, hä­zir­ki za­man gur­lu­şyk we ti­mar­la­ýyş se­riş­de­le­ri, komp­ýu­ter we kom­mu­ni­ka­si­ýa müm­kin­çi­lik­le­ri, azyk se­na­ga­tyn­da ýe­ti­len sep­git­ler, eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni tap­mak­da üs­tün­lik­ler, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­nyň ösü­şi, ýur­du­my­zyň yl­my, iş­gär­ler, me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri gör­kez­ilýär.

Ser­gi­de ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri we ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­ýär­ler. Olar dür­li ul­gam­lar­da — oba ho­ja­ly­gyn­da we azyk se­na­ga­tyn­da, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, hä­zir­ki za­man se­na­gat des­ga­la­ry­nyň hem-de gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gin­de ýö­ri­te­leş­ýär­ler.

Ser­gi 20-nji sent­ýabr­da öz işi­ni ta­mam­lar.

Şeý­le hem Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­tyn­da “Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di, oňa yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ry­nyň esa­sy hü­när­men­le­ri, alym­lar, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry we paý­tag­ty­my­zyň ta­lyp­la­ry gat­naş­dy­lar.

Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da ha­sa­bat­lar we yl­my ha­bar­lar diň­le­nil­di hem-de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, olar­da hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­na, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na, bank işi­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, önüm­çi­li­ge in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, dur­muş sy­ýa­sa­ty­na we beý­le­ki­le­re de­giş­li mö­hüm me­se­le­ler öz be­ýa­ny­ny tap­dy.