TÜRKMEN NEŞIRLERI – ABRAÝLY HALKARA BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINIŇ HATARYNDA

2018-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda otuz birinji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäginde GDA agza-ýurtlarynyň arasynda “Kitap sungaty” atly 15-nji halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşik döwürleýin çap etme, kitap neşiri, kitaby ýaýratma we poligrafiýa boýunça döwletara geňeşiniň we Russiýa Federasiýasynyň Neşir we köpçülikleýin aragatnaşyk boýunça federal agentliginiň ýolbaşçylygynda 2004-nji ýyldan bäri yzygiderli esasda geçirilýär. Bäsleşigiň maksady saýlama neşir taslamalaryny höweslendirmek, edebiýat we çap etme işi ugrunda özaragatnaşygy işjeňleşdirmek, kitap sungatynda iň oňat gazanylanlary ýaýratmak we halklaryň arasynda ruhy we medeni özara baglanşygy ösdürmek bolup durýar.

Şu ýyl “Kitap sungaty” bäsleşiginiň on sany nominasiýasynyň diplomlary üçin ýüzden gowrak neşirler bäsleşdiler. Bäsleşige Türkmenistanyň adyndan döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2017-nji ýylda çap edilen dört sany kitaby bilen gatnaşdy. Bu neşirleriň dördüsi hem ýokary baýraklara eýe boldular.

Bäsleşikde “Medeniýetleriň söhbeti” nominasiýasy boýunça 1-nji derejeli diplomyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby eýe boldy.

“Meniň ýurdum” nominasiýasy boýunça abraýly bäsleşigiň ýeňijileriniň hataryna “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň we ruhubelentligiň binýady” atly kitaby girdi.

“Çagalar we ýetginjekler üçin kitaplar” nominasiýasynda “Türkmen halk ertekileri” atly kitap 2-nji derejeli diploma eýe boldy.

“Okuw edebiýaty we bilim” nominasiýasy boýunça Almaz Ýazberdiýewiň “Gürgenç – Gündogaryň orta asyrlar döwrüniň ylmy we medeni merkezi” atly kitaby 3-nji derejeli diploma eýe boldy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy arkalaşygyň halkara sungat bäsleşiginiň hemişelik gatnaşyjysy bolmak bilen, yzygiderli esasda ýokary abraýa eýe bolan baýraklary gazanýar. Türkmenistany beýan edýän şekilli neşirler bolsa ýurdumyzyň ýüzi bolup çykyş etdi.