TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA 2026–2030-NJY ÝYLLAR ÜÇIN MILLI «ÝOL KARTASY» IŞLENIP DÜZÜLDI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijesinde kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin orta möhletli milli «Ýol kartasynyň» taslamasyny hödürledi.
Bu resminamanyň işlenip düzülmegi halkara forumyň çözgütlerini milli derejede yzygiderli durmuşa geçirmäge, şeýle hem Türkmenistanyň halkara maslahaty kabul eden döwlet hökmünde eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir. «Ýol kartasynyň» taslamasy işleriň 6 sany esasy ugruny öz içine alýar.
Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygynyň ulgamlaýyn we strategik häsiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri goldap, wise-premýere hem-de degişli edaralara BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.