img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

photo

2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibindäki birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki bilim we medeni taslamalaryň birnäçesini ilerletmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary öňde boljak çärelere, şol sanda 2026-njy ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen  ýokary we iň ýokary derejelerdäki köptaraplaýyn çärelere hem ünsi çekdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy esasynda geçirildi.

  Türkmenistanyň DIM-iň Metbugat gullugy