TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ DUŞUŞYGY BOLDY

2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda ýurt Baştutanlary ikitaraplaýyn ýola goýulan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamy, suw diplomatiýasy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga hem-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.