PREZIDENTLER GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BILEN ŞAWKAT MIRZIÝOÝEWIŇ ARASYNDA IKIÇÄK DUŞUŞYGY BOLDY

2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat  Mirziýoýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli myhman «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.

Iki ýurduň Baştutanlary netijeli söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, ekologiýa we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlaryna aýratyn üns berdiler.