img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

MOSKWA ŞÄHERINDE BIOLOGIK HOWPSUZLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUS GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

photo

2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Moskwa şäherinde pudagara görnüşde biologik howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi.

Taraplar halkara we sebitleýin derejelerdäki biohowpsuzlyk babatynda pikir alyşdylar. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine, şol sanda hyzmatdaşlygyň geljekki anyk çärelerine garaldy.

Geňeşmelere gatnaşyjylar ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem ugurdaş köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda Biologik we toksin görnüşli ýaraglary gadagan etmek barada Konwensiýanyň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň we GDA-nyň çäklerindäki ysnyşykly hyzmatdaşlygyň hem-de konstruktiw özara gatnaşyklaryň zerurdygyny nygtadylar.