HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNA GELEN HATLAR
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Bu şanly baýram gününde Russiýanyň we Türkmenistanyň raýatlary ata Watanyň azatlygy ugrunda egin-egne berip söweşen hem-de ägirt uly pida çekip, dünýäni faşizmden halas eden ata-babalarymyzyň edermenligini hoşallyk duýgusy bilen ýatlaýarlar. Umumy taryhymyzyň gahrymançylykly sahypalary baradaky hakydanyň geljekde hem rus-türkmen gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda üstünlikli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Ýurduňyzda ýaşaýan uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere tüýs ýürekden gutlaglarymy, berk jan saglyk, abadançylyk, uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Hormatlamak bilen,
Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Bu şanly sene ýowuz howpa garşy göreşde synmaz erkiň, gahrymançylygyň we agzybirligiň nyşany hökmünde Arkalaşygyň halklarynyň taryhynda müdimilik galar. Halklarymyzy jebisleşdiren bu Ýeňiş häzirki wagtda-da üýtgewsiz ahlak ýörelgesi bolup hyzmat edýär hem-de parahatçylygy we taryhy hakydany goramagyň möhümdigini ýatladýar. Uruş ýyllarynda taplanan doganlyk, özara goldaw ýörelgeleriniň geljekde hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Türkmenistanyň we onuň halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Dmitriý KOBISKIÝ,
GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Bu mukaddes baýram deňsiz-taýsyz edermenligiň, merdanalygyň we gahrymançylygyň nyşanydyr. Uruş weteranlarynyň, tylda zähmet çekenleriň hem-de Beýik Ýeňşe uly goşant goşan ähli ata-babalarymyzyň edermenligi biziň üçin ahlak nusgasy, parahatçylyk döredijilikli ösüşiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Beýik Ýeňiş baradaky hakyda biziň hemmämiz üçin edermenligiň, gaýduwsyzlygyň hem-de Watana wepalylygyň baky nusgasy bolup galýar.
Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, üstünlik arzuw edýärin. Goý, maşgala ojaklarymyzda hemişe parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk höküm sürsün!
Hormatlamak bilen,
Bakytžan SAGINTAÝEW,
Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi hem-de dostlukly Türkmenistanyň ähli halkyny Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Russiýada we Türkmenistanda Watanymyzy gaýduwsyz goran hem-de dünýäni nasizmden halas eden sowet esgerleriniň, tylda zähmet çekenleriň gahrymançylygy, edermenligi baradaky hakyda aýawly saklanylýar. Olaryň edermenligi umumy taryhymyza hemişelik ýazylandyr. Halklarymyzyň gazaply uruş ýyllarynda taplanan dostlugynyň geljekde hem Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan weteranlara tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Biz nemes-faşistik basybalyjylara garşy söweşde üstün çykan şöhratly ata-babalarymyzyň edermenligini aýratyn sarpa bilen ýatlaýarys. Söweş meýdanlarynda hem-de tylda edermenlik görkezip, bize Beýik Ýeňşi peşgeş beren gahrymanlaryň ýagty ýadygärligine hemişe hormat goýýarys. Uruş ýyllarynyň gazaply synagyndan geçen dostluk we özara goldaw bermek ýörelgeleriniň geljekde-de Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we Merkezi Aziýada parahatçylygyň üpjün edilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere bagtyýarlyk, uzak ömür hem-de ähli gowulyklar baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!
Hormatlamak bilen,
Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.