TÜRKMENISTANYŇ KHBS-I BILEN TASS HABAR AGENTLIGINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINE GARALDY
2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Moskwa şäherinde Russiýanyň TASS habar agentliginde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleriniň TASS-yň Baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Kopnow bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen KHBS-i bilen TASS-yň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlary barada pikir alyşdylar hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge bolan özara meýli tassykladylar.
Türkmenistanyň öňdebaryjy KHBS-i bilen TASS-yň Baş direktory Andreý Kondraşowyň ýolbaşçylyk edýän GDA-nyň Döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň arasyndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, GDA-nyň 35 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Arkalaşykda Başlyklyk etmegine bagyşlanan çäreleri KHBS-de şöhlelendirmek meselelerine hem garaldy.