TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI R.MEREDOWYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI S.LAWROW BILEN GYSGA WAGTLYK DUŞUŞYGY BARADA
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Bäşinji Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gysga wagtlyk duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.