TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE HEM-DE «MERKEZI AZIÝA – RUSSIÝA» FORMATYNDAKY DUŞUŞYGA GATNAŞDY
2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi.
Şeýle hem mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Dar we giňişleýin düzümlerde geçirilen duşuşyklarda diplomatlar möhüm meseleler, şol sanda halkara we sebitleýin gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Mejlise gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň häzirki ýagdaýyny hem-de şu ýylda GDA-nyň 35 ýyllygynyň bellenilýändigi bilen baglylykda özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Wekiliýetiň ýolbaşçysy A.Gurbanow Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary we garaýyşlary barada aýtmak bilen, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, bu ýerde bilelikdäki işler üçin uly mümkinçilikler bar.
Duşuşygyň barşynda däp boýunça GDA agza döwletleriň daşary işler ministrlikleriniň özara gatnaşyklarynyň meselelerine aýratyn üns berildi.
Geçen 2025-nji ýylda GDA-nyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köpderejeli geňeşmeleriň Meýilnamasynyň hem-de Arkalaşyga agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijeleri jemlendi.
Duşuşygyň jemleri boýunça daşary syýasy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen çözgütler kabul edildi.
GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisini 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär.
***
Şol gün Moskwa şäherinde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň daşary işler ministrleriniň dokuzynjy duşuşygy geçirildi.
Gün tertibine laýyklykda, duşuşyga gatnaşyjylar geçen ýyl «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji sammitinde kabul edilen 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna garadylar.
Halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekdäki, şol sanda sebitleýin howpsuzlygyny saklamak we berkitmek ýaly ugurlardaky özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça däp bolan pikir alyşmalar geçirildi.
Diplomatlar ykdysady, energetika we ekologiýa ugurlardaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.