ÇUŇLAŞDYRYLAN STRATEGIK HYZMATDAŞLYGA ESASLANYP
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 34 ýyl bolýar.
Türkmen-rus dialogy köpugurly gatnaşyklaryň giň toplumy, şol sanda syýasy, ykdysady, söwda, energetika, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlyk bilen häsiýetlendirilýär.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki zaman arhitekturasy hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ikitaraplaýyn bähbitleri nazara almak ýörelgelerine hem-de birnäçe möhüm resminamalara, şol sanda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama, Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama we yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklara daýanýar.
Hyzmatdaşlyk ýyllary içinde berk şertnamalaýyn-hukuk binýady döredildi.