img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY M.MIŞUSTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI S.BERDIMUHAMEDOWYŇ ADYNA ORAZA BAÝRAMY WE NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI ÝOLLAN GUTLAG HATY

photo

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size Oraza baýramy we Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Bu ajaýyp baýramlar tebigatyň täzelenişini alamatlandyryp, adamlara özara düşünişmegiň, hoşniýetliligiň möhümdigini ýatladýar.

Russiýany we Türkmenistany dostluk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin hökümetara dialogy işjeňleşdirmäge taýýardygymyzy tassyklaýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Mihail Mişustin,

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.