TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASYNYŇ DIPLOMATLARY RUSSIÝANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERIŇ GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRELERE GATNAŞDYLAR

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynda (uniwersitet) geçirilen Ýaş diplomatlaryň halkara assosiasiýasynyň Birinji maslahatyna gatnaşdylar. Çäre Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli geçirildi.

Maslahat diplomatik korpusynyň wekillerini, Russiýanyň DIM-iň Ýaş diplomatlar geňeşiniň agzalaryny, halkaraçy bilermenleri hem-de KHBS-iň wekillerini bir ýere jemledi.

Açyk we dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşyk peýdaly hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Ýaş diplomatlar geňeşiniň Moskwa diplomatik kluby tarapyndan guralan kabul edişlik maslahatyň jemlenmesine öwrüldi.