TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna, şeýle hem öňde boljak duşuşyklaryň we bilelikdäki çäreleriň tertibine aýratyn üns berildi.
Köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerindäki, hususan-da GDA we Hazarýaka döwletler formatlaryndaky tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.
Şeýle-de ministrler iki ýurduň diplomatik gulluklarynyň işgärleriniň hünär baýramçylyklary mynasybetli özara gutlaglary beýan etdiler.