«ARKADAG» TOPARYNYŇ ÖŇDÄKI OÝNY KÖPÇÜLIKLEÝIN WE HÜNÄR DEREJELI SPORTY ÖSDÜRMEGIŇ MÖHÜM TAPGYRY DIÝLIP ATLANDYRYLDY

photo

Aşgabatda geçiriljek taryhy futbol duşuşygynyň öňüsyrasynda Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasynyň habarçysy Robert Fransew «Arkadag» toparynyň gazanan üstünlikleriniň tutuş Türkmenistan üçin ähmiýetini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň HHM habar berdi.

Toparyň örän çalt depginler bilen gazanan ösüşiniň sport infrastrukturasyny kämilleşdirmek we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli döwlet taslamasynyň netijesidigi bellenildi.

Häzirki gazanylýan üstünlikleriň binýady hökmünde Aziada – 2017 oýunlaryna taýýarlyk görlen döwürde döredilen kuwwatly maddy-tehniki binýat görkezildi. Aradan ýyllar geçse-de, bu desgalar raýatlar üçin köpçülikleýin sporty elýeterli etmek bilen, işjeň ulanylmagyny dowam edýär.

Öňdäki oýun diňe bir sport bäsleşigi däl, eýsem möhüm halkara waka hökmünde hem garalýar. Ol dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň özboluşly medeniýeti, myhmansöýerligi we tebigy baýlyklary bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik açýar.

Robert Fransew bu duşuşygyň ösüp gelýän ýaş nesil üçin güýçli ruhy itergi berjekdigine ynam bildirdi. Oýnuň netijesine garamazdan, ol tutuş ýurt boýunça müňlerçe çagany sport bilen meşgullanmaga we ýeňşe bolan erki berkitmäge ruhlandyryp, türkmen sport mekdebiniň üstünliginiň aýdyň nusgasy bolar.