KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary tarapyndan betbagtçylyga uçran Eýranyň Rona atly gury ýük daşaýjy gämisinden halas edişe çagyryş – SOS habary alyndy.
Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly döwlet edaralary tarapyndan deňiz gatnawynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara kadalaryna laýyklykda gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreler görüldi.
Öz wagtynda görlen çäreleriň netijesinde, gämidäki ähli 14 adam halas edildi. Deslapky maglumatlara laýyklykda, olar Eýranyň we Hindistanyň raýatlary bolup durýar.
Häzirki wagtda türkmen tarapy halkara kadalarynda göz öňünde tutulan degişli çäreleri geçirýär.
Türkmenistanyň DIM-iň Metbugat gullugy