TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI S.BERDIMUHAMEDOWYŇ ADYNA TÄZE ÝYL MYNASYBETLI GELEN GUTLAG HATLARY
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi täze 2026-njy ýyl mynasybetli gutlaýaryn.
Rus-türkmen gatnaşyklarynyň dostluk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ruhunda üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belleýärin. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar, dürli ulgamlarda geljegi uly bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.
Täze ýylda köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine, täze başlangyçlara badalga bermek üçin amatly şertleriň dörediljekdigine ynanýaryn. Munuň özi Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, dostlukly Türkmenistanyň raýatlaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Geçen ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň döwletlerimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine laýyk gelýändigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin!
Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, 2026-njy ýyl ruhlandyryjy başlangyçlaryň hem-de uly ähmiýetli üstünlikleriň döwri bolsun, abadançylyk, durnuklylyk we parahatçylyk getirsin!
Size we Siziň ýakynlaryňyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, ruhubelentlik, egsilmez güýç-kuwwat, öňde goýlan ähli wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny arzuw edýärin!
Walentina MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.