RUSSIÝANYŇ PREZIDENTI W.PUTIN TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI S.BERDIMUHAMEDOWY TÄZE ÝYL MYNASYBETLI GUTLADY

photo

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA 

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.

Ýakynda Aşgabatda wekilçilikli halkara forumyň dowamynda geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Forumyň üstünlikli geçmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny we 30 ýyl bäri yzygiderli durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatyna dünýä bileleşiginiň ýokary baha berýändigini aýdyňlygy bilen tassyklady.

Biz dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň hem-de Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde howpsuzlygy we abadançylygy pugtalandyrmagyň bähbidine Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işimizi mundan beýläk hem dowam etdireris.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.