TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

photo

2025-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, institutynyň professor-mugallymlar düzümi we talyplary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabara institutyň talyplarynyň «Bitaraplyk – biziň baky bagtymyz» atly edebi-sazly kompozisiýasy bilen başlandy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň BMG-däki (Nýu-Ýork şäheri) Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň neşir edilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Kitapda ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň giňişleýin hem-de çuňňur seljermesi berlip, bitaraplyk derejesiniň esasy maksadynyň Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini halkara borçnamalaryna hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda parahatçylykly durmuşy üpjün etmäge we döredijilikli ösüşe gönükdirmek bolup durýandygy bellenilýär.

Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň kitabynda türkmen bitaraplygynyň gadymy köklerine aýratyn üns berilýär. Şunda bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman diplomatiýasyny täze döwrüň şertlerine laýyklykda türkmen halkynyň taryhy mirasynyň dowamaty hökmünde häsiýetlendirip bolar.

Çykyş edenler täze neşiriň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň we Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna hem-de halkara jemgyýetçiligine gymmatly sowgat bolandygyny bellediler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.