MILLI EKOLOGIÝA KANUNÇYLYGY KÄMILLEŞDIRMEK – TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

Daşky gurşawy we ýer serişdeleri goramak boýunça Türkmenistanyň Döwlet komitetiniň, Mejlisiň, Adalat ministrliginiň we Türkmenistanyň beýleki degişli edaralarynyň wekilleri Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan Aşgabatda 30-31-nji iýulda gurnalan okuwynyň çäginde milli ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Okuw maslahatynyň maksady daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara kanunçylyk namalary we standartlary barada çuňlaşdyrylan maglumatlary bermek, şeýle hem bu ugurdaky milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça mümkin ädimleri ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Halkara bilermenler daşky gurşawy, serişdeleri dolandyrmak we ekologiýanyň ütgemegi ugrundaky strategiýalary we syýasaty şöhlelendirdiler we ÝHHG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň agza-ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdyrdylar. Okuwyň çäginde önümçiligiň galyndylaryny ulanmak babatda hukuk-kadalaýyn dolandyrylmagy we agyz suwuň hem-de sanitariýanyň elýeterligi ugrundaky kanunçylygyna garaldy. Maslahatlaşmanyň üns merkezinde degişli halkara borçnamalary durmuşa geçirmegiň öňdebaryjy tejribesi hem boldy.

Milli bilermenler Türkmenistanyň ekologiýa kanunçylygyna we Türkmenistanyň agza bolup durýan halkara resminamalaryna syn maglumatyny berdiler. Milli ekologiýa kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça çemeleşmeleri we geljekki ädimleri barada pikirler alşyldy. Ekologiýa maglumatlylygy ýokarlandyrmak babatda kanunçylygyň wajyp ähmiýeti bellenildi.

«ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi ygtyýarly halkara guramalary bilen üstünlikli tejribesiniň we ýakyn hyzmatdaşlygyň esasynda durnukly ösüşiň öňe sürülmegine we serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň başlangyçlaryna uly baha berýär, - diýip Iwana Markowiç-Boşkowiç, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ykdysady-ekologiýa ölçegi bölüminiň başlygy aýtdy. – Bu okuw mashaty ÝHHG-niň agza-ýurtlary bilen daşky gurşawyň meselelerini çözmek ugrunda tejribe alyşmak babatda Merkeziň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etmegiň alamatydyr».

Okuw maslahaty Merkezi «Daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmek» atly taslamasynyň çäginde gurnaldy.