BILIMI, PAÝHASY WE YNSANPERWERLIGI BITEWÜLEŞDIRMEGIŇ NYŞANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşleri başdan geçirýär. Halkymyzyň saglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşy alnyp barylýan daşary syýasatymyzyň esasyny düzýär. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň çapdan çykmagy örän möhüm waka boldy.
Nobatdaky jilt Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy ensiklopediýasynyň üstüni ýetirmek bilen, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary okyjylara ýetirýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” hem-de “Maglumatnama” diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.
Köp jiltli ylmy neşir diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler, milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurtly okyjylaryň millionlarçasyna elýeterli edildi. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän nusgasyny döretdi. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam edýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň täze jildinde “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Bu eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem goşant goşar.
Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby hem şu geçen döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlanýar. Bu döwürde maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ösüşler gazanyldy. Ulgamyň ähli düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesi, döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Saglygy goraýyşda gazanylan üstünlikleri berkitmek, ýurduň sagdyn geljege tarap alyp barýan üstünlikli ösüş ýoluny batly gadamlar bilen dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 26-njy martyndaky degişli Kararyna laýyklykda, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleri anyk delilleriň, statistiki maglumatlaryň üsti bilen täsirli beýan edýän 22 sany bölümden ybaratdyr. Täze kitap “Il saglygy – ýurt baýlygy”, “Saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylygy we dolandyrylyşy” atly bölümler bilen açylýar. Onda täze döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalaryna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr.
“Keselleriň öňüni almak – sagdyn durmuşyň esasy”, “Sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek”, “Döwrebap bejeriş-öňüni alyş usullary”, “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak” atly bölümlerde öňüni alyş çäreleriniň oňyn netijeleri barada giňişleýin maglumat berilýär. “Saglygy goraýyş ulgamynyň kämil maddy-tehniki binýady”, “Saglygy goraýşyň maliýe üpjünçiligi” atly bölümlerde ulgamy özgertmek boýunça durmuşa geçirilen işler öz beýanyny tapýar. “Sagdyn ene – sagdyn nesil” atly bölümde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatda alnyp barlan işler, “Hassahana bejergisi” atly bölümde bolsa döwrebap enjamlaryň adamyň saglygyny goramakdaky ähmiýeti barada söhbet edilýär.
Täze kitapda milli saglygy goraýyş ulgamynyň kardiologiýa, pulmonologiýa, onkologiýa, endokrinologiýa gulluklarynyň ösüşine aýratyn bölümler bagyşlanypdyr. “Derman senagatynda ösüşler”, “Ilatyň derman serişdeleri bilen üpjünçiligi” atly bölümlerde degişli ugurda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär. “Melhemli şypahanalar” atly bölümde ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň mümkinçilikleri barada durlup geçilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesiniň hem-de ulgamyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilişine-de ýörite bölümler bagyşlanypdyr. “Saglygy goraýyşda sanly ulgam” atly bölümde bolsa sanly lukmançylygy ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilýär. Täze eser “Saglygy goramak döwletiň baş wezipesidir” atly bölüm bilen jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň eseri türkmen, iňlis we rus dillerinde giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.
Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly ýaş nesilleri kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, lukmançylyk ulgamyna kämil tehnologiýalary, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga döwletimiz tarapyndan uly möçberdäki serişdeler goýberilýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine laýyk enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup, pudagyň üpjünçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylýar.
Ilata ýokary hilli lukmançylyk kömegi ýola goýlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy has-da kämilleşdirilýär. Munuň özi dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli saglygy goraýyş we bejeriş hyzmatlarynyň dürli görnüşleriniň halka elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň derman senagatynyň ösüşine täze itergi berildi. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteri bolsa sanlyja ýyldan milli derman senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ep-esli artdyrar.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Halkymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgeden gözbaş alýan öňdengörüjilikli strategiýanyň baş ugrudyr.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meseleleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy wezipeleriniň hataryndadyr.